Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Milli söwda merkezi açyldy

06:3926.05.2015
0
4573

25-nji maýda Şäheriň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň milli söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy, ol Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

1995-nji ýylda gurlan bu bina “Nur-Zaman” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan düýpli döwrebaplaşdyryldy. Durky täzelenen bu desganyň umumy eýeleýän meýdany 13,5 gektara barabardyr. Milli söwda merkeziniň  tutýan meýdany bolsa 4 müň inedördül metrden gowrak. Onuň birinji gatynda 565 orunlyk toý zaly, umumy meýdany 430 inedördül metr bolan supermarket we mebel dükany bar.

Merkeziň ikinji gatynda 135 orunlyk toý zaly, şeýle hem iş otaglary we kömekçi otaglar bar. Merkeziň daş ýüzünde her biriniň umumy eýeleýän meýdany 582 inedördül metr bolan süýji-köke hödürleýän iki  çaýhana bar.

Şu gün agşamlyk merkeziň toý zalynda bagtly döwrüň ýaş çatynjalarynyň nika toýunyň tutulandygyny bellemeli. Bu ýerde ýaş çatynjalary olaryň dostlary we ýakynlary gutladylar, ýaşlara olaryň durmuşynda bu şatlykly gün mynasybetli milletiň Lideriniň adyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň