Aşgabatda türkmenistanlylaryň öz Prezidentine bolan çäksiz söýgüsiniň beýanyna öwrülen «Arkadag» binasy açyldy

0
2092
3
4

25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda alty binagärlik-çeperçilik desgalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Binalaryň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk şaýolunyň çatrygyndaky halkalaýyn ulag ýolunyň merkezinde gurlan “Arkadag” binasynyň açylmagy bilen başlandy.

Şonuň üçin hem öz Arkadagyna  buýsanýan türkmen halky  geçen ýyl jemgyýetiň dürli gatlaklarynda Arkadag binasyna Aşgabat şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde gurmak teklibini öňe sürdi. Bu teklip ählihalk tarapyndan giňden goldanyldy. Sebäbi, döwletimiziň ähli mümkinçiliklerini adamyň hemmetaraplaýyn abadan ýaşamagyna gönükdirýän  Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”  diýip alyp barýan  işleriniň aňyrsy-bärsi ýok.

Bu binanyň awtory, Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew tutuş halkymyz üçin tanyş bolan pursady esas edinipdir. Bir gezek Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döwlet Baştutany ahalteke bedewine atlanyp, çapuw ýodasyna çykanynda, milletiň Lideriniň egnine ak kepderi gondy. Şeýle görnüşe dünýäniň halklary gadymy döwürlerden bäri Hudaý tarapyn ýalkanmak diýip düşünýärler.

... Bu desganyň umumy beýikligi onuň bir bitewi gaýany alamatlandyrýan binýadyny hasaba alanyňda 21 metre barabardyr. Gaýa şekilli binýadyň üstünde bolsa beýikligi 6 metr bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn öwüşginli ahalteke bedewine atlanan şekili oturdylypdyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru