Türkmenistanyñ Prezidenti orta mekdepleriñ uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim isgärlerini "Soñky jañ" dabarasy bilen gutlady

0
752
0
1

Mähriban uçurymlar!

Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanyp, ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan şatlykly baýram - «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda giňden geçirilýän bu dabaralar bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüreklerinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrsyn!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzir beýik taryhy döwri başdan geçirýär. Eziz Diýarymyz dünýäniň kuwwatly we berkarar döwletleriniň biri hökmünde syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ägirt uly ösüşlere eýe bolup, täze sepgitlere gadam basýar. Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine üstünlikli çykarylmagy hem ata Watanymyzyň gurmak we döretmek ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň in ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlerdir.
 
Däp bolşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde şirin we joşgunly aýdym-sazlaryň owazy astynda medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Munuň özi uçurymlarymyzyň öz bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk dabaralarynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny hem-de ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
 
Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar ata Watanymyzyň ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan bagtyýarlyk mekanyna öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň bu günki bagtyýar nesilleri watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidirler. Halkymyzyň bu milli häsiýetleri eziz Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuş şygary bolmalydyr.
 
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ykdysadyýeti sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şonuň bilen birlikde, biz ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň esasy şerti, aň-bilim, ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmegiň we netijeli eli ulanmagyň girewi hökmünde milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýäris. Biziň bu ugurdaky öňde goýýan esasy maksadymyz Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim mümkinçiliklerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli artdyrýan kuwwatly döwlete öwürmekden ybaratdyr.
 
Häzirki döwürde bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda baý tejribe toplandy. Eziz Diýarymyzyň - Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde kabul eden milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalary guruldy, umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň möhleti uzaldyldy. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, dünýäniň ösen ylym-bilim merkezleri bilen parahatçylygy we ynsanperwerligi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde bilim babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem uly ähmiýet berilýär.
 
Geljekde bilim ulgamy düzümi boýunça hem, mazmuny babatda hem täze, has belent derejelere ýetiriler.
 
Geljegimiz bolan ýaşlaryň ýeňişleriň belent basgançaklaryna ýetmegi, erkana we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň ykbaly üçin döwrebap bilim almagy, yhlasly, gujurly zähmet çekmegi üçin döwlet tarapyndan hemişe ähli şertler dörediler.
 
Yhlas bilen okamak, öwrenmek, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekmek bilen eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar we abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek, gurmak, uly üstünlikleri gazanmak, elmydama kämillige ymtylmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, päk ahlakly bagtyýar nesillerimiziň belent borjy we baş maksady bolmalydyr. Ylym-bilim adamzadyň gymmatly baýlygydyr. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, belent sepgitlere ýetýär, uly mertebe gazanýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýaşlar beýik maksada - ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar.
 
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
 
Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlandygyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy ýörelge edinen mähriban we göwnaçyk ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda gujur-gaýratyny, zähmetini, zehin-ukybyny gaýgyrmajakdygyna berk ynanýaryn!
 
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýoluňyz ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyz hasyl bolsun, mähriban uçurymlar!
 
Türkmenistanyň Prezidenti   
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru