Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär

0
500
0
0

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda döwletimiziň goldaw bermeginde täze döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmaga we öňden bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçiriji ulgamlary çekilýär, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň  energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.

Mysal üçin, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda kuwwatlylygy 400 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar.  Şeýle hem häzirki wagtda 4 gazturbina elektrostansiýalary ulanylmaga berildi, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplarynda bolsa ýene ikisiniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, pudagyň hünärmenleri tarapyndan seljerme işleri geçirildi.  Öňdebaryjy tehnologiýalar babatda dünýäde ykrar edilen  Ýaponiýa elektrik energetikasy pudagynda ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary hödürläp, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça işlere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru