Türkmenistanyň Prezidenti sport bilen meşgullandy we ýerli tebigatyň düzümi bilen tanyşdy

0
644
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti säher bilen özi üçin niýetlenen kabulhananyň golaýynda ýerleşen seýilgähe bardy. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlara bolýan saparlarynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ajaýyp endigine eýerip, däp bolşy ýaly, bedenterbiýe maşklaryny ýerli tebigatyň düzümi bilen tanyşlygy utgaşdyrýar. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanda peýdaly tejribäni ulanmak boýunça anyk maslahatlar we görkezmeler şäher giňişliginiň durmuş we ekologiýa guramaçylygynda iň gowy daşary ýurt tejribesine şeýle uly üns we gyzyklanma bildirilmeginiň aýdyň netijesidir.

Ine, bu gezek hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sport maşklaryny tamamlap, seýilgäh toplumyny synlady,  onuň abadanlaşdyrylyşy bilen içgin tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen ýaşyl seýilýodalar boýunça gezelenç edip, seýilgähleriň häziki zaman şäherleriniň we şäherlileriň durmuşynda eýeleýän möhüm orny, şeýle bag zolaklarynyň tebigy gurşawdaky möhüm ähmiýeti, olaryň binagärlik we bagçylyk bezegleri barada gürrüň etdi. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, ilki bilen, seýilgähleriň we seýilbaglaryň ekologiýa wezipesi barada gürrüň etdi. Olar şäheriň arassa howaly ýeri bolmalydyr. Bu ýerde ýaşaýjylar arassa howadan dem alyp gezelenç edip bilerler, çagalary bilen asuda we özüne çekiji tebigy şertlerde dynç alyp, tebigata ýakynlaşyp bilerler.

Soňky döwürde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi örän çalt özgerýär. Täze desgalaryň ählisiniň taslamalarynyň işlenip taýýarlanan mahalynda, olaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek hökmany talap bolup durýar. Gözellik nukdaýnazaryndan olaryň tebigy ulgamynyň oýlanyşykly meýilleşdirilmegi we bezelmegi adamlara oňyn täsir edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Gezelenjiň barşynda mill Liderimiz seýilgähde onuň wezipesiniň esasy mowzuklaýyn ulgamlarynyň örän şowly sazlaşýandygyna  egindeşleriniň ünsüni çekdi. Bu ýerde dynç alyş, medeniýet, sport we güýmenjeler ulgamy, daşky gurşaw baradaky alada aýratyn sazlaşyk döredýär. Şunda  tebigatyň gözelligine syn etmek şähdiňi açýar we özüňi rahat  duýmaga ýardam edýär. Bu ýerde oturdylan agaçlar bilen üsti ýetirilen tebigy baglar sagdynlyk paýlaýar. Baglardaky salkyn howa, dürli sesleriň we reňkleriň sazlaşygy, hoşboý yslaryň köpdürlüligi adama lezzet berýär, keýpiçag bolmagyny üpjün edýär we zähmete ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Arassa  howadaky sport maşklary, ylgamak we türgenleşmek çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Baglaryň daşky gurşawyň ýagdaýyna we  arassa howanyň emele gelmegine amatly täsir etmek  ukybyny nazara almak bilen, olary adamlaryň ýaşaýan, işleýän, okaýan we dynç alýan ýerlerine golaýlaşdyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu işde  daşary ýurtlaryň, şol sanda Sloweniýanyň iň gowy tejribesini öwrenmek babatda ýanyndaky ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gezelenjiň barşynda seýilgäh toplumyny synlap, golf üçin niýetlenen meýdançanyň golaýynda saklandy. Şol wagt bu meýdançada oýunçylar  türgenleşýärdiler. Döwlet Baştutanymyz olaryň türgenleşik maşklary bilen gyzyklanyp, tälimçileriň biri bilen söhbetdeş boldy. Tälimçi bu meşhur oýnuň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda naýbaşy güýmenjeden sportuň köpçülikleýin görnüşine öwrülen golf oýny hemmetaraplaýyn pikirlenmegi, logikany, hereketleriň sazlaşygyny, tutanýerliligi we ünslüligi, şeýle hem bedeniň ähli myşsalaryny ösdürýär. Oýnuň maksady mümkin boldugyça az urgular bilen topy çukurjyga düşürmekden ybaratdyr. Çukurjyklaryň her biriniň öz aýratynlygy bardyr. Olaryň birine topjagazy gaty urgy bilen, beýlekisine bolsa ýuwaş urgy, üçünjisine bolsa has takyk urgy bilen salmak bolýar. Bu aýratynlyklaryň ählisine oňat düşünmek üçin, ýeterlik derejede türgenleşmek zerurdyr...

Bir mahallar golf aristokratlaryň oýny hasaplanypdyr, ýöne kiçi golf oýny döräpdir we oýnuň bu görnüşi her bir adam üçin elýeterli bolup, dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Iň esasy zat bolsa, bu sport güýmenjesi islendik beden taýýarlygy bolan we bäş ýaşdan başlap, ýaşuly adamlara çenli hemmelere gelişýär. Bu oýny tutuş maşgala bolup, dostlaryň, toparlar bilen oýnap bolýar. Sportuň  bu görnüşini ösdürmek üçin Türkmenistanda hem oňat mümkinçilikler bar. Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň iri seýilgäh zolaklarynda golf üçin meýdançalar peýda bolar.

Ýeri gelende aýtsak, geçen hepdede Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň işewür toparlarynyň  wekilleri — “Türkmenistan — ABŞ” işewür  geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Niklaus Dizaýn” golf-kompaniýasynyň baştutany Jek Niklaus bilen duşuşygy geçirildi.

Kompaniýanyň Türkmenistanda  dünýäde meşhur bolan sportuň golf görnüşini ösdürmäge  hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýdyp, onuň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ozal beren tekliplerini we belliklerini nazara almak bilen ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, golf meýdançasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu meýdançanyň gurluşygyny Aziada-2017-ä çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz seýilgäh boýunça gezelenjini dowam edip, agaçlaryň golaýynda ýerleşdirilen ýazgyly tagtajyklara üns berdi. Olarda agaç nahallaryny oturdan adamlaryň atlary ýazylypdyr. Bu agaçlar özleriniň söýgüsi we aýawly garaýşy bilen şäheriň gözelligini has-da artdyrýan ýaşaýjylaryň köp nesillerini begendirer. Milli Liderimiz şeýle hem seýilgäh desgalarynda – oturgyçlarda, bezeg germewlerinde we köprüjiklerde tebigy serişdeleriň sazlaşykly ulanylandygyny, umuman, bu ýeriň ösümlikler bilen ussatlyk bilen bezelendigini belledi. Munuň özi toplumyň ähli çäginiň   göze gelüwli, köp öwüşginli we özboluşly bolmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz aýratyn hem seýilgäh toplumynda tebigy ösümlikler bilen soň oturdylan baglaryň sazlaşykly utgaşýandygyny belledi. Baglary bezemegiň, ýagny tebigy ýagdaýda ösýän agaçlaryň üstüni elde döredilen bag toplumlary bilen ýetirmek ýörelgesi bizde hem, mysal üçin, Awazanyň ýaşyl zolagyny kemala getirmekde ýaşyl oazisleri döretmekde   ulanylyp bilner diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle tebigy özgertmeleriň esasy maksady daşky gurşawy goramakdan, adam hakda alada etmekden, ýaşaýyş-durmuş üçin has amatly şertleri döretmekden, onuň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr, şunda ekologiýa, estetika we bähbitlilik esasy görkezijiler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we munuň geljekki durmuş taýdan ösüşimiziň wajyp ugrudygyny belledi. Bularyň ählisi diňe bir baglary döretmek we olary bezemek meseleleri boýunça hünärmenleriň däl, eýsem, iri ilatly ýerleriň dolandyryş edaralarynyň, döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydyr. Çünki, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ýaşyl “gurluşykda” türkmen    jemgyýetiniň däp bolan gymmatlyklary we gözelligiň, parahatçylygyň hem-de sazlaşygyň häzirki zaman ýörelgeleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhy öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi.

Sloweniýa Respublikasynyň saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lýublýana şäheriniň halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru