Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy

15:3908.05.2015
0
1241

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli, “Watan unutmaýar gahrymanlaryn” atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide tanymal türkmen nakgaşlarynyň we heýkeltaraşlarynyň dürli ýyllarda döreden, uzaga çeken uruş ýyllarynda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygyny wasp edýän, milli öwüşginli sungat eserleri görkezilýär. Diňe ýurtda däl-de, daşary ýurtlarda hem giňden tanalýan tanymal türkmen nakgaşlary Ý. Annanurowyň, Y. Gylyjowyň, M. Mämmedowyň, N. Dowodowyň, K. Gullaýewiň, T. Esenmämmedowyň, Ş. Akmuhammedowyň, D. Çaryýewiň baýramçylyk sergisini bezeýän sungat eserleri uruş ýyllarynyň taryhy wakalaryny göz öňüne getirmäge mümkinçilik döredýär.

Baýramçylyk sergisinde tanymal nakgaş M. Mämmedowyň “Ýeňiş. Bahar. 1945-nji ýyl” atly eserinde uzak garaşdyran şanly Ýeňşiň dabarasyny çeper keşpleriň üsti bilen ussatlarça suratlandyrypdyr. Ş. Akmuhammedowyň “Uruş weterany Magtym aganyň portreti» atly eserinde juwan ýaşlygy uruş ýyllaryna gabat gelip, söweş meýdanynda gahrymançylyk görkezip, öz iline sag-aman dolanyp gelen goja esgeriň bagtyýar durmuşyna guwanýan keşbi janlandyrylypdyr.

 Baýramçylyk sergisinde tanymal heýkeltaraşlarymyzyň döreden, halkymyzyň gahrymançylygyny wasp edýän heýkellerini synlamaga-da giň mümkinçilik döredilýär. heýkeltaraşlar A.Meredowyň, A.Kakaesenowyň, W.Jumaýewiň döreden heýkellerinde merdana halkymyzyň köplere nusgalyk edermenligi, gahrymançylygy, dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga bolan erk-islegi nurana keşpleriň we şekilleriň üsti bilen aýdyň suratlandyrylýar.

Portalymyzyň okyjylary sergä hödürlenen işler bilen “fotoreportažlar” rubrikamyz arkaly tanşyp bilerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň