Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

0
576
1
0

“Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklaryň gün tertibinde dur” diýip, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Toýly Kömekow žurnalistlere habar berdi.

Diplomat şu ýylyň ýanwarynda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň DIM-leriniň baştutanlarynyň duşuşygynyň barşynda bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertleri döretmegiň ýolunyň anyk kesgitlenendigini ýatlatdy.

“Azerbaýjan we Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda wajyp halka bolup durýarlar. Men bu günki gün Azerbaýjanyň dünýä derejesinde ulag binýadyny döredýändigine buýsanýaryn we guwanç bilen synlaýaryn. Alýetede portuň, tizlikli ýollaryň, Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň gurluşyklary — bularyň ählisi biziň üçin wajyp ähmiýete eýedir” — diýip, diplomat aýtdy.

Ol Türkmenistanyň hem ulag taslamalaryny işjeň ösdürýändigini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanylmaga berlendigini belledi.

Onuň sözlerine görä, Aziýa bazarlaryna çykmak üçin Aşgabat hem awtobanyň we gämileriň dürli görnüşlerini kabul edip biljek Türkmenbaşy portunyň gurluşyk taslamasyny öňe sürýär.

“Bu bize gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär” diýip, ol aýtdy

Şeýle hem diplomat Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag taslamasynyň üstünde hem netijeli iş alnyp barylýandygyny belledi.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru