Täze Microsoft hyzmaty internetde uly gowur turuzdy

0
1186
11
47

Täze Microsoft hyzmatynyň goýberilmegi bilen, internetde köpçülikleýin göçgünlik ýagdaýy badyny artdyrýar. Kompaniýa ulanyjylara How-Old.net saýtyny hödürledi. Ol surat boýunça takmynan, adamyň ýaşyny we jynsyny kesgitläp bilýär.

Degişme serişdesi Azure platformasynyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin döredilen hem bolsa, ýyldyrym çaltlygynda güýmenje guralyna öwrüldi. Interneti ulanyjylar öz bloglarynda bu hyzmatyň nähili gowy işleýändigi barada müňlerçe mysallary çap etdiler.

   

Hyzmatyndan peýdalanmak üçin ulanyjy How-Old.net saýtynda ýa-ha suratyny ýerleşdirmeli, ýa-da täzesini almaly. Anyklaýjy birnäçe sekundyň dowamynda suraty seljerýär we adamyň jynsy hem ýaşy baradaky netijesini mälim edýär. Eger suratda birnäçe adam bar bolsa, hyzmat olaryň hem ählisiniň ýüzüni aýyl-saýyl edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru