Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýewiň toparynyň ýeňlişsiz tapgyrynyň arasy üzüldi

23:1603.05.2015
0
3139

“Rostowyň” futbolçylary belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda bäş orunlyk ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzdiler. Olar Russiýanyň premýer-ligasynyň 26-njy tapgyrynda Groznynyň “Tereginden” asgyn geldiler — 0:1. 83-nji minutda kelle urgysy bilen senegally Ablaý Mbendi tapawutlandy. Onuň myhman toparyň esasy düzüminde ilkinji duşuşygyny geçirendigini bellemek gerek.

Aşaky liga düşmek howpy abanýan zolakdan çykmagyna getiren ýeňlişsiz tapgyryň dowamynda Berdiýewiň topary myhmançylykda “Uraly” — 0:1, öz meýdanynda bolsa “Ufany” — 2:0, Moskwanyň “Spartagyny” — 2:1, “Torpedasyny” — 1:0 ýeňdi we Ýewropa ligasyna gatnaşan paýtagtyň “Dinamosy” bilen deň oýnady — 2:2.

Duşuşykdan soň, “Rostowyň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew futbolçylarynyň oýna berlişinden nägile däldigini mälim etdi.

“Birinji ýarymda biz ýalňyş oýnadyk “Terek” käbir pursatlarda çäk artykmaçlygyna eýe boldy. Ikinji ýarymda çäk artykmaçlygyny biz ele aldyk. Gynansak-da, bir hüjümi gözden saldyk. Umuman, oglanlaryň oýna berlişinden nägile däl” — diýip, hünärmen belledi.

Rostowlylaryň baş tälimçisi toparyň heniz öz öňünde durýan wezipäni çözmändigini, sowuk-salalyga ornuň bolmajakdygyny aýtdy.

Gurban Berdiýew şu günki garşydaşlarynyň adyna öwgüli sözleri aýdyp, “Teregiň” oňat oýun guramak we goranmak artykmaçlygynyň bardygyny nygtady.

Pökgini “Jerime meýdançasyna ýetirmek başardýardy, ýöne hüjümçileriň ýerleşişinde birneme ýalňyşlyk boldy” diýip, G. Berdiýew sözüni jemledi.

“Terekden” ýeňleninden soň, “Rostow” 27 utuk bilen ýene-de 11-nji orunda galdy we Aşaky liga düşmek howpy abanýan zolakdan we geçiş oýunlaryndan 4 utuk aýratapawudy bar. Rostowlylaryň esasy bäsdeşleriniň bir oýun az oýnandygyny-da bellemek gerek.

27-nji tapgyryň duşuşygyny “Rostow” 10-njy maýda, Sankt-Peterburg altyn medala ymtylýan Ýewropa ligasynyň çärýek finalçysy “Zenite” garşy durar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň