“Ahal” bilen Kuweýtiň “Al-Kadsiýasynyň” arasynda Aşgabatda geçiriljek AFK-nyň Kubogy ugrundaky duşuşygy dürli milletlerden bolan eminler topary alyp barar

0
767
19
23

29-njy aprelde Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginiň 5-nji tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” Kuweýtiň 16 gezek çempiony, yklymyň ikinji derejeli klub ýaryşynyň ýeňijisi “Al-Kadsiýa” bilen duşuşar.

AFK-nyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasyndan habar berlişi ýaly, duşuşygy dürli milletlerden bolan eminler topary: baş emin — Li Min Hu (Koreýa Respublikasy), onuň kömekçileri Babg Giýol (Koreýa Respublikasy), Thaufik Ibrahim (Maldiw adalary) alyp bararlar. Gözegçi emin hökmünde Naser Darwiş Mustafa Algafani (Iordaniýa) bellenildi.

“Aşgabat” stadionynyň merkezi arenasynda geçiriljek duşuşyk 18.00-da başlanar.

Dört tapgyrdan soň, “C” toparçasynda 7 utuk bilen Täjigistanyň “Istiklolynyň” we Kuweýtiň “Al-Kadsiýasynyň” öňde barýandygyny ýatladýarys. “Ahal” olardan 1 utuk yza galýar. Yragyň “Erbili” bolsa soňky orunda barýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru