“Balkan” soňky minutlarda ýeňiş gazandy, “Şagadam” bolsa deňligi elden giderdi

0
910
5
0

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň Balkanabatda we Aşgabatda geçirilen soňky duşuşyklary myhmanlar üçin diýseň dartgynly ýagdaýda tamamlandy.

Balkan welaýatynyň merkezindäki emeli ot düşelen 10 müň orunlyk täze stadionda “Balkan” “Merwi” kabul etdi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 12 minut galanda ýer eýeleri 1:2 hasabynda ýeňlip durdular. Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri ruhdan düşmediler. Mekan Saparowyň şondan soň geçiren iki pökgüsi “Balkana” ýeňiş getirdi — 3:2. Birinji pökgini bolsa ýer eýelerinden Myrat Ýagşyýew geçirdi, ol häzir 10 pökgi bilen netijeli hüjümçileriň bäsdeşliginde öňde barýar.

Bu duşuşykdan soň, 16 utuk toplan “Balkan” ýaryş tablisasynyň başyny çekýän “Altyn asyryň” yzyndan ýetmek üçin “kowgyny” dowam etdirýär.

Paýtagtda “Aşgabat” — “Şagadam” duşuşygynyň ykbaly hem soňky minutlarda çözüldi. Birinji ýarymdan soň, 1:0 hasabynda ýeňlip gelýän türkmenabatlylar 73-nji minutda hasaby deňlediler — 1:1. Oýun şu hasap bilenem tamamlanyp barýardy. Ýöne duşuşygyň esasy wagtynyň gutarmagyna 4 minut galanda Berdi Şamyradow “Aşgabada” ýeňiş getiren goly geçirdi. Bu hüjümçiniň dokuz oýundaky 7-nji pökgüsidir.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

 «Balkan» – «Merw» – 3:2 (1:0)

25-nji aprel. Balkanabat. «Sport toplumy». 2 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Myrat Ýagşyýew 9, Mekan Saparow 80, 90+2 – Begenç Mamedow 48, Toýly Goçnazarow 78.

Duýduryş alanlar: Serdaraly Ataýew 14, Alikber Kerimow 90, Nursähet Sapargylyjow 90+4 – Azat Orazmuhammedow 20.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Mels Işmuhammedow.

«Aşgabat» – «Şagadam» – 2:1 (1:0)

25-nji aprel. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Boris Iwanow 14, Berdi Şamyradow 86 – Ýewgeniý Tkaçenko 73.

Duýduryş alanlar: Berdi Şamyradow 33, Alik Haýdarow 72, Ruslan Serazudinow 79 – Ata Geldiýew 76.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew.

9 tapgyrdan soň toparlaryň ýaryş tablisasynda ýerleşiş tertibi 

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 10 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 8.

Didar Durdyýew ("Hazyna") – 8 (1).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru