Türkmenistanyň çempiony öňde barýan topara has ýakynlaşdy

18:3813.04.2015
0
2574

Türkmenistanyň futbol boýunça häzirki çempiony paýtagtyň “Altyn asyry” öz meýdanynda ýaryş tablisasynda öňde barýan, dört oýun bäri ýeňilmän gelýän “Balkany” 2:1 hasabynda ýeňdi.

Birinji ýarym ýiti göreşde geçdi. Şunlukda toparlar 1:1 hasabynda arakesmä çykdylar. 5-nji minutda ýer eýelerinden Süleýman Muhadow, myhmanlardan bolsa Mekan Saparow tapawutlandy.

Ikinji ýarymda oýnuň ykbalyny 11 metrlik urgy çözdi. Ony ýaş hüjümçi Selim Nurmyradow dürs ýerine ýetirip, Aragatnaşyk ministrliginiň toparyna ýeňiş getirdi — 2:1.

Şu duşuşykdan soň 11 utuk toplan “Altyn asyr” 12 utuk bilen ýaryş tablisasynda öňde barýan “Balkana” has ýakynlaşdy. Şunlukda, “aragatnaşykçylaryň” bir duşuşyk az geçirenligini hem bellemek gerek.

“Şagadam” hem 11 utuk toplady, topar Döwlet Baýramowyň (47-nji minut) we Gahrymanberdi Çoňkaýewiň (83-nji minut) urgularyndan soň, öz meýdanynda “Merwden” üstün çykdy — 2:0.

Milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan “Hazyna” hem üç oýun bäri ýeňliş ýüzüni görenok 6-njy tapgyrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary “Daşogzy” 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Pökgüleri Begenç Akmämmedow (10-njy minut) we Didar Durdyýew (31-nji, 38-nji, 44-nji minutlar) geçirdiler.

“Aşgabat” hem utuk toplamagyny dowam etdirýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aman Goçumowyň şägirtleri 6-njy tapgyrda myhmançylykda “Energetikden” üstün çykdylar — 1:2. Birinji ýarym deňlikde tamamlandy. Aşgabatly Annaberdi Çaryýewiň (13-nji minut) geçiren pökgüsine Kerimberdi Hojaberdiýew dürs urgusy bilen jogap berdi (40-njy minut). 70-nji minutda Berdi Şamyradow ýeňiş pökgüsini geçirdi we iň netijeli hüjümçileriň bäsleşiginde 6 pökgi geçiren Altymyrat Annadyrdyýew (“Ahal”) bilen deňleşdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 7-nji tapgyr 17-nji aprelde HTTU — “Şagadam” duşuşygy bilen başlanar.

Iň netijeli hüjümçiler:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) — 8 pökgi (1 pökgi 11 metrlik urgudan).

Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”) — 6.

Berdi Şamyradow (“Aşgabat”) — 6.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň