Aşgabatda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

0
330
0
0

8-nji ap­rel­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Höküme­ta­ra türk­men-hin­di to­pa­ry­nyň bäşin­ji mej­li­si­nde Türk­me­nis­ta­nyň we Hin­dis­ta­nyň ägirt uly kuw­wa­ta eýe bo­lan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mäge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi tas­syk­la­nyl­dy. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne türk­men-hin­di hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň möhüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag we ener­ge­ti­ka, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ry hem-de beý­le­ki gel­je­gi uly pu­dak­la­ryň bir­näçe­si ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­ma­gyň tas­la­ma­sy­ny iş ýüzün­de dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­si­ne üns ber­di­ler.

Gu­ma­ni­tar ul­gam­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň möhüm ugur­la­ry hök­mün­de ylym, bi­lim we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­si hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Şeýle hem Aşgabatda Türk­me­nis­ta­nyň we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru