“Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça Milli meýilnamanyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

0
1108
0
0

8-nji aprelde paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň” tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy kabul edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we aýallar üçin deň hukuklary we azatlyklary döretmek döwletiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Biziň ýurdumyz jyns alamatlary boýunça islendik çäklendirmelere ýol bermezlik syýasatyny yzygiderli alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hukuk ulgamynda iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilişine hem-de milli kanunçylygyň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilişine ähmiýet berlişi aýratyn bellenildi.

BMG-niň doly hukukly agzasy bolan Türkmen döwleti, esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda aýallar babatda hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýa hem-de aýallaryň ýagdaýy boýunça Bütindünýä maslahatyna goşulmak bilen, bu resminamalaryň düzgünnamalaryny ýerine ýetirmek babatda anyk çäreleri görýär. Abraýly dünýä guramalarynyň resminamalaryna goşulmak bilen, şolara laýyklykda öz borçnamalaryna pugta eýerip, Türkmenistan umumy ykrar edilen hukuk kadalaryny milli kanunçylyga we işe ornaşdyrýar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu Kanun BMG-niň zenanlar babatda islendik görnüşli kemsitmeleri aradan aýyrmak hakynda Konwensiýasynyň düzgünlerini şöhlelendirýär. Şu kanunçylyk namasyna laýyklykda, gender çemeleşmesini nazarda tutup, döwlet maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi zenanlaryň bähbidine döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşinde häzirki gazanylanlary göz öňünde tutup, ýokarda agzalan kanunyň täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça Işçi topar döredildi.

ÝUNFPA bilen netijeli özara hereketleriň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Häzirki tapgyrda nobatdaky uzakmöhletleýin maksatnamanyň üstünde işlenilýär. BMG-niň şu düzümleýin bölüminiň maslahat-goldaw bermeginde “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy” işlenip düzüldi, ol şu ýylyň ýanwar aýynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanyldy.

“Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasyny” beýan edip, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar onda döwlet syýasatynyň gender deňligi babatda esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtadylar. Bu resminama esasy wezipeleriň 14-sinden ybarat bolup, 60-dan gowrak çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Meýilnamanyň möhüm düzgünleriniň hatarynda gender meseleleri boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak, bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek we beýlekiler bar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar agzalan resminamanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň gürrüňsiz suratda Türkmenistanda gender syýasatynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini bellediler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru