Belarus we Türkmenistan hokkeýi ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminama gol çekdiler

0
476
1
0

Belarus Respublikasynyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Igor Raçkowskiý we Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleri milli merkeziniň hokkeý boýunça ýörite komitetiniň başlygy Sergeý Wahitow hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Memoranduma gol çekdiler.

Ylalaşygyň çäklerinde BRHF Türkmenistanyň HŞHF-e (Halkara şaýbaly hokkeý federasiýasy) agzalyga kabul edilmegi üçin resminamalary taýýarlamakda maslahat kömegini bermegi, çagalar-ýetginjekler hokkeýini ösdürmegiň meýilnamasyny işläp düzmekde habar-okuw gollanmalary bilen üpjün etmegi, şeýle hem Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli çempionatyny geçirmek üçin kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamakda maslahatlaşmalary geçirmegi göz öňünde tutýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru