Türkmenistanda aragatnaşygyň Wi-Fi simsiz ulgamy döredilýär

0
2288
822
1304

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” Döwlet elektroaragatnaşyk kärhanasy ýokary tizlikli Interneti üpjün etjek aragatnaşygyň simsiz ulgamyny giňeltmek boýunça iş alyp barýar.

Hususan-da, golaýda Aşgabatda açylan sebitde iň iri söwda toplumlarynyň we dynç alyş merkezleriniň biri bolan “Berkarar” supermarketini WI-Fi simsiz tor bilen üpjün etmek boýunça işler geçirilýär. Ýokary tizlikli Wi-Fi toruna elýeterliligi üpjün etmek boýunça paýtagtlylaryň dynç almagy gowy görýän ýerleriniň biri bolan “Aşgabat” seýilgähiniň çäginde hem enjamyň gurnama işleri alnyp barylýar.

Häzire çenli “Ylham” seýilgähi “Altyn asyr” TM-CELL öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerleşýän merkezi binasy, paýtagtyň demir ýol we awtoulag menzilleri, şeýle hem Aşgabadyň halkara aeroporty Wi-Fi torlary bilen üpjün edildi.

Hut şeýle işler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda we iri desgalarda hem dowam etdirilýär. Bu ulgamlary ýurduň belli şypahanalarynda ornaşdyrmak öňde durýan nobatdaky wezipe bolup durýar.

Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ýakyn wagtlarda türkmen emeli hemrasynyň uçurylmagy, Türkmenistany dünýä bilen birikdirýän optiki-süýümiň örüsiniň giňemegi bilen, bu ugurda goşmaça mümkinçilikler açylar.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru