Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi

14:1524.03.2015
0
2280

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan şäheri) Astrahanyň “Şatlyk” türkmen medeniýeti sebit jemgyýetçilik guramasy we Kaspiý deňiz-derýa ulaglary instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi.

“Tegelek stoluň” işiniň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň geosyýasy we ykdysady ähmiýetiniň esasy ýörelgeleri, sebitde parahatçylygy hem durnuklylygy gorap saklamakda we pugtalandyrmakda Türkmenistanyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň barşy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara we sebitara gatnaşyklar bilen baglanyşyklylykda maslahata gatnaşyjylar Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda işjeň ýagdaýda ösdürilýän hyzmatdaşlyk meselesine degip geçdiler.

“Tegelek stoluň” çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň