Türkmenistanda 27-nji martda gowaça ekişine girişiler

0
468
0
0

27-nji martda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň, 3-nji aprelde bolsa, daşogzuň pagtaçylary gowaça ekişine girişerler.

Şu günler ýurdumyzyň 545 müň gektara uzaýan pagta meýdanlarynda ekiş işlerine taýýarlyk görülýär. Ekiş möwsümine pagtanyň 13 görnüşiniň tohumy taýýarlanyldy. Dört welaýatyň meýdanlarynda orta süýümli pagtanyň “149 f”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120” ýaly we beýleki görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Inçe süýümli “Ýolöten-14” bolsa Ahal we Mary welaýatlarynyň meýdanlarynda ekiler. Bulardan başga-da, barlaghana meýdanlarynda pagtanyň orta süýümli “Ýolöten-45” we “Ýolöten-46” görnüşleri synagdan geçiriler.

Üstümizdäki ýylda türkmenistanly pagtaçylar 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru