Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Tatarystanyň paýtagtyna gaýdyp gelen güni kazany geň galdyryp bilmedi

12:4022.03.2015
0
2710

Russiýanyň premýer-ligasynyň 20-nji tapgyrynyň gapma-garşylykly duşuşygynda Kazanyň “Rubininiň” futbolçylary öz öňki tälimçileriniň toparyndan — “Rostowdan” 2:0 hasabynda üstün çykdylar.

Gurban Berdiýewiň Kazana gelmegi wakalary has-da ýitileşdiren ýaly boldy. Çünki türkmen hünärmeni Tatarystanyň esasy toparyna on ýyldan gowrak ýolbaşçylyk etdi, çempionatda we Ýewropa arenasynda görlüp-eşidilmedik üstünlikleri gazandy. Indi Gurban Berdiýew “Rostowy” aşaky liga gaçmakdan halas etmäge çalyşýar diýip, fotboom.com habar berýär.

Gurban Berdiýew duşuşygyň başlanmagyna 10 minut galanda meýdanyň gyrasynda peýda boldy. Janköýerler ony şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

Oýun, garaşylyşy ýaly, ýiti göreşde geçmedi. Netijede birinji ýarymda hasap açylmady — 0:0.

68-nji minutda emin “Rostowyň” derwezesine 11 metrlik urgy belledi. Ýöne Karlos Eduardo ony dürs ýerine ýetirip bilmedi. Esasy wakalar duşuşygyň ahyrynda bolup geçdi. 84-nji minutda Igor Portnýaginiň, goşmaça wagtda bolsa Magomed Ozdoýewiň geçiren pökgüleri “Rubine” ýeňiş getirdi.

Oýundan soňky metbugat maslahatynda Gurban Berdiýew “Rubiniň” ýeňiş gazanmaga has mynasyp oýun görkezendigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň