Türkmenistanda Nowruz baýramynyň giň gerimde bellenilmegi dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen onlarça syýahatçylary haýran galdyrdy

0
861
0
0

Şu gün ir säherden Ahal welaýatynyň “Ýaýla” dag etek ýeri diýseň köp adamly boldy. Giden şäherjigi ýatladyp duran bu sährada gadymy Nowruz baýramyna bagyşlanan bahar dabaralary geçirildi.

Bu ýerde ýurduň ähli welaýatlarynyň ak öýleri, hiňňildikler, konsert meýdançalary söwda nokatlary, gazanlarda atarylan milli tagamlary, şeýle hem, öri meýdanlarynda gapdaly alabaýly aga-ýana dönüp ýören goýun-guzulary, düýeleri, çarýana galýan ahalteke bedewleri dabaranyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Bäş welaýatdan bolan belli folklor we tans toparlarynyň, bagşy sazandalaryň we estrada aýdymlarynyň çykyşlary, milli amaly-haşam sungatynyň we el işleriniň görkezilişi, pälwan tutluşyklary, ýaglyga towusmak, düzzüm ýaly gadymy oýunlar hem-de dürli sport çäreleri diňe bir ildeşlerimizde däl, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylarda hem ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar “Türkmenportalyň” habarçysyna beren gürrüňlerinde baýramçylyk dabarasynyň gerimine we özboluşly äheňde guralyşyna haýran galandyklaryny mälim etdiler.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru