Näme üçin Gün tutulmasy bolup geçýär?

0
1562
26
0

20-nji martda 2015-nji ýyldaky iň uly astronomiki wakalaryň biri ýüze çykar, ýagny doly Gün tutulmasy bolup geçer, ony Russiýanyň we GDA-nyň çägindäki döwletleriň ýaşaýjylary synlap bilerler.

Bilşiňiz ýaly, planetalar we olaryň hemralary bir ýerde durmaýarlar. Ýer Günüň daşyndan aýlanýan bolsa, Aý Ýeriň daşyndan aýlanýar. Şoňa görä-de, wagtal-wagtal Aýyň hereketi dolulygyna ýa-da bölekleýin Güne gabat gelýär.

Gün tutulmasy –Aýyň kölegesiniň Ýer şaryna düşmesidir. Bu kölegäniň diamertri 200 km bolup,  Ýeriň diametrinde birnäçe esse kiçidir. Şonuň üçin hem Gün tutulmasyny diňe Aý kölegesiniň inçe zolagy bilen bir wagtda synlamak mümkindir.

Eger synlaýjy Aýyň kölegeli zolagynda bolsa, doly Gün tutulmany synlap biler, ýagny, şol pursat Aý Günüň öňüni dolulygyna ýapýar, asman garaňkyrap, ýyldyzlar görünýär. Howa salkynlap, ürken-gorkan guşlardyr jandarlar närahatlyga düşüp özlerine sümelge gözläp başlaýarlar. Hatda käbir ösümlikler özleriniň ýapraklaryny öwürýärler.

Dolulygyna Gün tutulan mahaly Gün atmosferasynyň içki gatlagyny - Gün täjini synlap bilersiňiz. Ol diýseň ajaýyp tomaşadyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru