Soňky habarlar

Arhiw

Medwedewiň Instagram setinde millionynjy abunaçy peýda boldy

12:1514.03.2015
0
2992

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenporal”.

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Instagram setinde hökümet baştutanynyň resmi akkauntyna (peýdalanyjy barada maglumatnama) abunaçylarynyň sanynyň milliona ýetendigini habar berdi.

“1 million abunaçy. Sag boluň!” diýip, Medwedew peýdalanyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ol bu ýazgysynyň ýanynda öz eli fotoapparatly duran suratyny hem ýerleşdirdi.

Dmitriý Medwedew Instagramdan başga-da, Twitterde, Fasebookda we “BKontaktede” öz akkauntyny ýöredýär. Hökümet baştanynyň ähli akkauntlaryny alanyňda, abunaçylaryň sany alty milliona golaýlaýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň