“Altyn asyr” we “Şagadam” ussatlyk derejesini görkezip üstün çykýar, “Merw” bolsa soňky minutlarda ýeňiş gazanýar

0
1187
0
0

Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.

Ýekşenbe güni Aşgabatda, Daşoguzda we Baýramaly etrabynda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynda birinji tapgyr tamamlandy.

“Aşgabat” stadionynda ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyr” milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan “Hazynany” kabul etdi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna wekilçilik edýän bu topar geçen aýda döredildi. Topara ýaş tälimçi Ahmet Agamyradow ýolbaşçylyk edýär. Oňa Fazil Mämmedow bilen Waleriý Kirillow kömek edýärler.

“Hazynanyň” düzüminde ýaş oýunçylar bilen birlikde tejribeli futbolçylar hem az däl. Olardan Guwanç Rejebowy, Didar Durdyýewi, Guwanç Abylowy, Döwran Orazalyýewi, Begli Annageldiýewi görkezmek bolar.

Talyplar topary çempionatyň ilkinji duşuşygynda näçe jan etse-de, Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyrdan” 0:2 hasabynda asgyn geldi. Pökgüleri Şöhrat Söýünow (5-nji minut) bilen Süleýman Muhadow (72-nji minut) geçirdi. Ýeri gelende bellesek, Ş. Söýünow bu oýunda tapawutlanmak bilen, öz doglan gününi sowgatly garşylady. Çünki ol 8-nji martda 23 ýaşady.

Türkmenbaşynyň “Şagadamy” hem myhmançylykda 0:4 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. “Daşoguzyň” derwezesine pökgüleri Azat Garajaýew (44-nji we 90-njy minutlar) bilen Hemra Amanmämmedow (62-nji we 77-nji minutlar) geçirdiler.

Baýramalyda “Merw” soňky minutlara çenli ýeňlip gelýärdi. Çünki “Aşgabadyň” hüjümçisi Berdi Şamyradowyň 49-njy minutda geçiren pökgüsi tä duşuşygyň esasy wagtynyň soňky minutyna çenli oýundaky ýeke-täk pökgi bolmagynda galýardy. Ýöne ýer eýeleri ruhdan düşmän soňuna çenli göreşdiler. Netijede 90-njy minutda Ilýa Tamurkin hasaby deňledi. Emin tarapyndan goşulan wagtyň 3-nji minutynda bolsa Toýly Goçnazarow “Merwe” ýeňiş getirdi — 2:1.

Birinji tapgyrdan soň 3 utuk toplan “Ahal”, “Şagadam”, “Altyn asyr”, “Merw” we HTTU öňde barýar.

Bu oýunlar hakyndaky maglumtlar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru