Ýokanç keselleriň öňüni almaga bagyşlanan maslahat

0
581
0
0

Aşgabat, 03.03.2015. “Türkmenportal”.

Düýn Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler zalynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüni alyş ulgamynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, “Brusellýoz keseliniň epidemiologiki we kliniki aýratynlyklary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahata Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda howply ýokanç keselleriň biri bolan brusellýoz keseliniň öňüni almak we bu kesel bilen kesellänleri bejermek barada gürrüň berdiler.

Şeýle-de, Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilen ýyllarynda alnyp barylýan işleriň netijesinde ýokanç keseller bilen keselleýänleriň sanynyň düýpli azalandygyny guwanç bilen bellediler.

Brusellýoz keseliniň, adatça mallardan alynýan iýmitlik önümler arkaly geçýändigi üçin ýurdumyzda iýmit önümleriniň howpsuzlygy doly berjaý edilýär.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru