Türkmen futbolçysy Arslanmyrat Amanow “Almalygyň” düzümindäki ilkinji goluny tora saldy

0
944
0
0

Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

Geçen möwsümde Özbegistanyň çempionatynda 6-njy orny eýelän “Almalyk” klubynyň hataryna kabul edilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 24 ýaşly oýunçysy Arslanmyrat Amanow  täze komandasynyň düzümindäki ilkinji goluny tora saldy. Bu barada “Almalyk” klubynyň resmi saýtynda (www.fc-olmaliq.uz) habar berilýär.

Türkiýede okuw-türgenleşikde bolýan Özbegistanyň “Almalyk” kluby Ermenistanyň “Banansyndan” (geçen möwsümde 8 komadanaynyň arasynda 7-nji orny eýeledi) 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şol oýunda özbegistanly futbolçylara ýeňiş getiren gollaryň birini 11 metrlik jeirme urgusyndan Arslanmyar Amanow tora saldy.

Arslanmyrat Amanow 2014-nji ýylda Gazagystanyň Pawlodar şäheriniň “Irtyş” komandasynyň hatarynda çykyş etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru