Täjigistanyň “Haýry” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn bölegine çykyp bilmedi

0
661
0
0

 Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

Täjigistanyň çempionynyň kümüş medalynyň eýesi wahdadyň “Haýry” AFK-nyň Kubogy — 2015-iň toparçalaýyn bölegine çykyp bilmedi. Topar saýlama duşuşygynda myhmançylykda Liwanyň Kubogynyň geçen ýylky eýesi “Salam Jharta” toparyndan 3:0 hasabynda asgyn geldi diýip, Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habarynda aýdylýar.

Bu duşuşykda “Haýryň” baş tälimçisi Tohir Muminow esasy düzümiň iki oýunçysyna — şikesli goragçy Idibek Habibulloýewe we ýarym goragçy Mahmadali Sadykowa bil baglap bilmedi. Olara derek ilkinji minutlardan Dalerjan Şaripow bilen Täjigistanyň ýaşlar ýygyndysynyň oýunçysy Parwizjan Homidow ýaşyl meýdana çykdy.

Hasap 23-nji minutda açyldy, ýer eýeleriniň hüjüme goşulan goragçysy Ahmad Al-Hatib tapawutlandy. Ikinji ýarym başlanyp-başlanmanka, argentinaly hüjümçi Lukas Matias Galan hasaby artdyrdy. Duşuşykda soňky pökgini 87-nji minutda ikinji ýarymda oýna giren Aleks Boutros geçirdi.

Şeýlelikde, uly hasap bilen “Haýrdan” üstün çykan Liwanyň “Salam Jhartasy” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn böleginde oýnamaga hukuk gazandy. Ol Iordaniýanyň “Al-Wehdat”, Siriýanyň “Al-Wahda” we Omanyň “Al-Nahda” toparlary bilen “A” toparçasynda çykyş eder.

Hasabat ýöretmegi halaýanlar üçin duşuşygyň maglumatlaryny hödürleýäris:

AFK-nyň Kubogy — 2015. Saýlama tapgyr 17-nji fewral. Beýrut. “Salam Jharta” stadiony. 1271 tomaşaçy.

“Salam Jharta”  (Liwan) — “Haýr” (Täjigistan) — 3:0.

Pökgüleri geçirenler: Ahmad Al-Hatib, 23 (1:0). Lukas Matias Galan, 48 (2:0). Aleks Boutros, 87 (3:0).

“Salam Jharta”: Mostafa Matar, Ahmad Al-Hatib, Petr Trapp (Omar, 64), Alaa Hami, Agop Donabidian (k), Lukas Matias Galan (Mahmud Markouç, 84), Abubakr Al-Mel, Taha Diab (Aleks Boutros, 60), Juko Riçard Kassaga, Jean Ýaminne, Omar Zein Eddine.

“Haýr”: Anatoliý Staruşenko, Subhon Hojamow, Safarali Karimow, Hasan Rustamow, Bahodur Şarifow, Parwizjon Homidow (Mehrodjiddin Muzaffarow, 46), Dalerjon Şaripow, Alişer Ulmasow (Wladimir Werewkin, 63), Dmitriý Medekis, Şodibek Gafforow, Mirzobek Mirzoýew (k).

Duýduryş alanlar: Safarali Karimow, Mirzobek Mirzoýew (“Haýr”).

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Lukas Matias Galan “Salam Jharta”.

Baş emin: Nagor Amir Nur Muhammed (Malaýziýa).

Kömekçileri: Mohd Şahrin Bin Çi Omar (Malaýziýa), Hsu Min Ýu (Taýwan).

Ätiýaçdaky emin: Mud Boniýadifard (Eýran).

Duşuşygyň komissary: Prins Rufus (Hindistan).

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 17-nji fewralda geçirilen beýleki saýlama oýunlarynyň netijeleri:

“Günbatar” zolagy

“Fanja” (Oman) — “Ahal” (Türkmenistan) — 2:3 (0:2)

Pökgüleri geçirenler: Altymyrat Annadurdyýew, 7 (0:1), Gurban Annaýew, 41 (0:2), Ibrahima Ndione, 67 (1:2), Rahmet Şermetow, 75 (1:3), Bilal Dangur, 83 (2:3).

“Al-Hidd” (Bahreýn) — “Al-Sakr” (Ýemen) — 2:1 (1:0)  

Pökgüleri geçirenler: Said Mohamed Adnan, 17 (1:0), Akarandut Nikodemus Orok, 52 (2:0), Essam Al-Worafi, 64 (11 mertlik urgudan) (2:1).

“Al-Jaýş” (Siriýa) — “Hilýal Al-Kuds” (Palestina) — 0:0 (oýundan soňky 11 metrlik urgular boýynça 5:4).

“Gündogar zolagy”

“Maziýa Sports” (Maldiwler) — “Seres” (Filippinler) — 1:0 (0:0).

Pökgini geçiren: Samdhuh, 82 (1:0).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru