Soňky habarlar

Arhiw

Messiniň suraty World Press Photo ugry boýunça ýylyň sport suraty boldy

20:3415.02.2015
0
3494

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

WorldPressPhoto söwda dahylly bolmadyk guramasy 2014-nji ýylda ýerine ýetiren işleri üçin fotožurnalistlere baýraklary gowşurdy. Bu barada eurosport habar berýär.

Guramanyň däbe öwrülen baýrak gowşurylyş dabarasynda “Ýylyň iň gowy suraty” mälim edildi.

Bu baýraga Argentinanyň ýygyndy toparynyň kapitany Lionel Messiniň suraty mynasyp boldy. Ol Braziliýada geçen dünýä çempionatynyň finaly tamamlanan badyna alnypdyr. Bilşimiz ýaly, bu oýunda Messiniň topary goşmaça wagtda 0:1 hasabynda Germaniýanyň ýygyndysyndan asgyn gelipdi.

Bu hytaýly fotohabarçy Bao Tailýangyň düşüren suratydyr.

Dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň “Marakana” stadionynda geçirilendigini ýatladýarys.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň