Türkmen pälwanlary Minsk şäherindäki dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda üstünlikli çykyş edýärler

0
1008
0
0

 Aşgabat, 13.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu günler Minskide sambo we söweş sambosy boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyry dowam edýär. Onda erkekler sambo we söweş sambosy boýunça, zenanlar bolsa sambo boýunça bäsleşýärler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň aýtmagyna görä, biziň toparymyz bu ýaryşa ykjam taýýarlandy. Biz Gülbadam Babamuradowadan we Samwel Aýrapetýandan, Nowruz Ataýewden we beýleki pälwanlarymyzdan şowly çykyşlara garaşýarys.

Ýaryşyň ilkinji güni ildeşlerimize dört medal getirdi. Kerimberdi Döwletow (68 kg) Jöwlanbek Mädeminow (82 kg) söweş sambosynda,  Zuhra Madraimowa (60 kg) bilen Tejen Tejenow (82 kg) sport sambosynda bürünç medallara mynasyp boldular. Halkara sambo federasiýasynyň resmi saýty Tejen Tejenowyň russiýaly Ýewgeniý Maksimowyň garşysyna gazanan ýeňşini aýratyn belläp geçdi. Ildeşimiz  ýeňlip gelýän-de bolsa, tutluşygy öz peýdasyna tamamlamak üçin soňuna çenli göreşdi. Tutluşygyň tamamlanmagyna bir minut galanda jüpüne düşen iki emel geçirip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Ýaryş dowam edýär. Bäsleşigiň ikinji gününde hem türkmen pälwanlaryndan üstünliklere garaşýarys.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru