Arhiw

Türkmenistanlylar nädip Täze, 2015-nji ýyly garşyladylar

18:1801.01.2015
1
13916

Aşgabat, 1-nji ýanwar. «Türkmenportal».

 Türkmenistanlylar täze, 2015-nji ýyly bir bitewi agzybir maşgala bolup garşyladylar. Dürli öwüşginlere beslenen şowhunly we şadyýan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandy. Bedew ýyly zähmet üstünlikleri, beýik asylly işler, döwletli başlangyçlar bilen taryha girdi. 

«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança, däbe görä, Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylyp, onuň depesinde «2015» ýazgysy şöhle saçyp dur. Onuň owadan görnüşi daş-töwerege ýalkym saçyp, ertekiler şäherçesine öwrülen meýdança çagalaryň hyýallaryndaky şadyýan syýahatlary ýatladýar. Baýramçylyk maksatnamasyny meşhur aýdymçylaryň Täze ýyla bagyşlap ýerine ýetiren wokal-saz , halk döredijiliginiň häzirki zaman äheňindäki eserleri boýunça çykyşlar, söýgi we joşduryjy estrada aýdymlary düzdi.

Aşgabatdaky Täze ýyl dabaralaryna teleköpri arkaly biri-biriniň yzy bilen sebitler goşulyşýar. Bu gün olaryň dolandyryş merkezlerindäki meýdançalarda hem welaýatlaryň ýaş aýdymçylarynyň  we döredijilik toparlarynyň ajaýyp täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy. Dabaralara köpsanly tomaşaçylar ýygnandy. Olaryň arasynda sebitleriň ýolbaşçylary, ýaşulylar we ýaşlar, çagalar bar

Aýdym-sazly çykyş etmek gezegini «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki sahnadaky çykyşlar dowam edýär. Bu ýerde şatlykly owazlar, depginli tanslar ýaňlanyp, Täze ýyl şäherçesiniň meýdançasyna ýygnananlaryň ählisini gurşap alýar.

Esasy pursat gelip ýetýär — telemonitorlaryň ekranlaryndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Milli Liderimiziň çykyşyny meýdança ýygnananlar hem-de öz telewizorlarynda watandaşlarymyzyň millionlarçasy uly üns bilen diňleýärler. Şu dabaraly we tolgundyryjy pursatlarda ähli türkmenistanlylary öz Garaşsyz Watanyna, onuň häzirki we geljekki ykbalyna ägirt uly buýsanç birleşdirýär.

Milli Liderimiz öz Gutlagyny Täze ýylyň biziň Watanymyz üçin bereketli, ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşly ýyl bolup, her bir maşgala bagt, bereket we rowaçlyk getirmegi baradaky arzuw bilen tamamlady!  «Goý, Täze ýyl eziz Watanymyz üçin üstünlikli, mähriban halkymyz we her bir maşgala ojagy üçin rysgal-döwletli, bereketli hem-de düşümli ýyl bolsun!»

2014-nji ýylyň ahyrky sekuntlaryny bu ýagşy niýetleriň ýerine ýetmegine bolan tüýs ýürekden we çuňňur ynam doldurdy. 2014-nji ýyl watandaşlarymyzyň ählisiniň ýüreklerini ruhy ýokary göterliş bilen birleşdirdi.

Ine-de, sagadyň dilleri 12 diýen sanda saklanýar... 

Milli telewideniýäniň ähli ýaýlymlarynda Türkmenistanyň Döwlet senasy belent we dabaraly ýaňlanýar. Onuň belent kuwwatly watançylyk mukamy baýramçylyk feýerwerkiniň gümmürdisini güýçlendirýär. Şol pursatda «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň asmanynda feýerwerkiň müň dürli owadan şöhleleri şugla saçdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň