“Baskin Robbins” doňdurmasy Türkmenistanda

3
1146
0
0

Ашхабад, 4  декабря. «Turkmenportal». 

BRPI (Баскин Роббинс продакшн интернэшнл) ýapyk paýdarlar jemgyýeti öz önümlerini Türkmenistana getirmäge ygtyýar aldy. “PREMIUM” derejeli doňdurmalar Türkmenistanyň weterinar-sanitariýa babatdaky talaplaryna doly laýyk gelýär. Şonuň üçin ol Türkmenistana getirilýän russiýaly kärhanalaryň haýwanlardan alynýan önümlerden ýasalan harytlarynyň sanawyna goşuldy. 

   

 Bu ygtyýarnama Türkmenistanda “Baskin Robbins” kompaniýasynyň doňdurma-kafeler ulgamynyň gerimini giňeltmäge we mümkinçiliklerini artdyrmaga şeret döreder. Marketologlar bu kompaniýanyň doňdurma-kafeleriniň hataryny uzaltmaga türkmen işewürleriniň uly gyzyklanma bildirjekdigine ynanýarlar.

Doňdurma-kafelerdäki onuň “Baskin Robbins” atly meşhur görnüşiniň we doňdurma esasynda taýýarlanan datly nygmatlaryň tomus aýlarynyň yssy günleri Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň “gözüne degjekdigini” aýtmak bolar. Diňe bir tomusda däl, beýleki pasyllarda-da bu kafeler olaryň höwes bilen barýan ýerlerine öwrüler.

Türkmenistandaky kafeler Moskwadaky “Baskin Robbins” fabriginde öndürilen önümler bilen üpjün ediler. Onuň häzirki wagta çenli 150-den gowrak görnüşi belli bolup, doňdurmalaryň assortimentiniň yzygiderli üsti ýetirilip durulýar.

 “Dunkin’ Brands” şereketiniň “Dunkin’ Donuts” (byzmyk hödürleýän kofeler) we “Баскин Роббинс” (doňdurma hödürleýän kofeler) atly söwda markalary bolup, onuň dünýäniň 45 döwletinde 15 müň 300-den gowrak söwda nokatlary bar. Olarda 2010-njy ýylda 260 müň adam işleýärdi. 2009-njy ýyldaky arassa girdejisi 7,2 milliard dollara deň bolupdyr.

Gyzykly maglumatlar

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem-de Gaiti Respublikasynyň Rene Garsiýa Prewal ýaş ýigit wagtlary “Baskin Robbins” kafesinde ofisiant bolup işläpdirler. Obama şondan bäri bu doňdurmanyň tagamynyň agzyndan gitmeýändigini aýdýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň

Wow interesno

Tak gde eto kafe v Asgabade?

Tak gde eto kafe v Asgabade?

Рейтинг@Mail.ru