Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» — «Şagadam»: 5 ýylda ilkinji gezek bassyr üç duşuşykda gol ýok

10:2928.06.2017
0
1378

27-nji iýunda paýtgatymyzdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň ýanaşyk futbol meýdanynda Türkmenistanyň Futbol boýunça XXV milli çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşygy geçirildi. Onda Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, täsin bir hasaplamanyň ýüe çykandygyny turuwbaşdan nygtamak gerek. «Turkmenportalyň» sport habarçylary futbol24.com saýty arkaly «Altyn asyryň» mümkin bolan ähli duşuşyklarynyň netijelerine göz aýladylar. Saýtda toparyň 2012-nji ýylyň 11-nji aprelinde «Şagadam» bilen geçiren duşuşygyndan başlap, «kenarlylar» bilen şu gezekki oýnalan oýun aralygyndaky arhiw saklanyp galypdyr. Täsin tarapy, soňky 5 ýyldan gowrak wagtyň içinde «Altyn asyryň» bassyr üç duşuşykda garşydaş derwezelere gol geçirip bilmedik möwsümi ýok. Ne «Ahala», ne «Merwe», ne-de «Şagadama» ýekeje gol geçirip bilen «Altyn asyr» beýle ýagdaýa şol seneden bäri ilkinji gezek uçraýar.

Duşuşygyň, esasan hem, ikinji ýarymy dartgynly geçdi. Köpräk meýdanyň özlerine degişli ýarymynda oýnan hem bolsalar, «Şagadamyň» futbolçylary hem dörän mümkinçiliklerden peýdalanyp, birnäçe gezek howply hüjümleri hem gurnadylar. Ikinji ýarymda Serdaraly Ataýewiň, Ionel Kosofananyň döreden howply pursatlary derwezeden sowa geçdi. «Şagadamyň» derwezesiniň agzyndaky howp bolsa ýygy-ýygydan gaýtalandy. «Altyn asyryň» hüjümçileriniň tas ählisi, käte bolsa ýarymgoragçylardyr goragçylaram dörän mümkinçiliklerde derwezä urgy etdiler. Emma, il içinde-de aýdylyşy ýaly, «bolmajak bolsa bolanok».

Mahlasy, golsuz geçen duşuşygyň netijesinden soň, toparlaryň hersi bir utuk ýokary galdy. Ýaryş tertibinde bolsa üýtgän zat bolmady.

«Altyn asyr» nobatdaky duşuşygyny 30-njy iýunda myhmançylykda «Balkan» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň