Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017 «Altyn asyr» — «Şagadam» duşuşygyna syn

16:2226.06.2017
0
1438

«Altyn asyr» — «Şagadam»

27.06.2017 ý.

«Altyn asyryň» senesi süýşürilen duşuşyklarda geçen ýyllardaky ýaly ynamly çykyş bilen ýeňiş gazanýandygyny aýtmak kyn. Yzda galan üç duşuşykda topar bir ýeňiş, bir deňlik we bir utulyş bilen ýüzbe-ýüz boldy. Nobatdaky garşydaşam, liganyň üçünji ornundaky «Şagadam».

«Altyn asyr» bilen «Şagadam» möwsümde ilkinji gezek duşuşýar. Toparlaryň ikisem, gürrüňsiz, çempionlyga dalaşgärlerden. Üstesine iki topar ýaryş tertibinde-de goňşy. Eger duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlansa, üçünji orna geçer. Tersine, «Şagadam» ýeňse, ikinji orundaky «Balkanyň» ýerine geçýär, «Altyn asyryň» bolsa ýaryşyň birinji orny ugrundaky arzuwlary üçünji aýlawa galýar. Deňlik toparlaryň ikisiniň çempionlyk maksadyna zyýan ýetirip biler.

Häzire çenli «Şagadamyň» möwsümde myhmançylykda dört ýeňşi bar. Eger topar bu gezegem ýeňiş gazanmagy başarsa, ikinji aýlawdan soň, myhmançylykda iň kän ýeňiş gazanan topar bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň