Ýokary liga — 2017: 14-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

0
118
Ýokary liga — 2017: 14-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Iki sany täze golçy: Möwsümiň bombardirleriniň sanawyna bu tapgyrda 2 futbolçy goşuldy.

Her oýunda 3 gol: Tapgyrda derwezelere 9 gol geçirildi — her oýna 3 gol. Entek ýöne ätiýaçda bir duşuşyk bar.

62 futbolçy, 142 gol: Şu tapgyrdan soň, çempionatda 62 futbolçy 142 gol geçirdi. Gollar her futbolça 2,29 goldan düşýär (geçen tapgyrdan ösüş 0,08 gol).

Bir tapgyrlyk arakesmeden soň: Dubllaryň möwsüminde bir tapgyrlyk arakesmeden soň, ýene-de iki dubla şaýat bolduk.

Ýeňiş myhmanlaryňky: Geçirilen üç duşuşygyň ikisi myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

«Şagadam» — «Köpetdag» — 2:0.

Gollar:

1:0, Serdaraly Ataýew

2:0, Serdaraly Ataýew

Birinji aýlawda: 2:1.

Ikinji aýlawda ikinji onluk: Geçirilen 2 goldan soň, «Şagadam» möwsümde 20 we ondan kän gol geçiren ikinji topar boldy.

Estafetany Gurbanydan kabul edip: «Şagadamyň» soňky üç duşuşygynda üç gezek tapawutlanan Serdaraly Ataýew möwsümdäki ilkinji duşuşygyny mundan iki tapgyr ozal geçiren hem bolsa, eýýäm bombardirleriň sanawynda iň gowy 15-lige girmegi başardy.

«Balkan» — «Ahal» — 1:4.

Gollar:

1:0, Hemra Amanmämmedow 5’

1:1, Orazberdi Myradow 34’

1:2, Wahyt Orazsähedow 52’

1:3, Orazberdi Myradow 86’

1:4, Ata Geldiýew 90+2’.

Birinji aýlawda: 0:2.

«Ahalyň» ýene bir sepgidi: Şu duşuşykda geçirilen 4 goldan soň, «Ahal» möwsümde 30 gol geçiren ilkinji topar boldy.

Iki onluk jübüde: Hemra Amanmämmedowyň goly «Balkanyň» şu möwsümdäki 20-nji goludyr.

Ýene ýekeje utuk gazanylsa: «Ahal» şu möwsümde 30 utuk gazanan ilkinji topar bolar.

Bassyr iki duşuşykda: Hüjümçem bolsa, gollary geçirmekde Yhlas Magtymowyň kölegesinde galan Hemra Amanmämmedow soňky iki tapgyrda hem tapawutlanyp, iň kän gol geçiren futbolçylaryň 10-lugyna girdi.

Üç duşuşykda üçünji orunda: Möwsümde geçiren 6 golunyň 5-sini soňky üç tapgyrda geçiren Orazberdi Myradow gysga wagtyň içinde bombardirlik ýaryşynyň üçünji ornuna çenli çykdy. Elbetde, bu orna, häzirlikçe, Yhlas Magtymow bilen Guwanç Abylow hem şärik.

«Rostowdan» gelen esger açylyşýar: Harby gullukdan ozal Gurban Berdiýewiň «Rostowynda» çykyş eden Wahyt Orazsähedow soňky iki tapgyrda öwgä laýyk oýun görkezýär.

180-nji ýeňiş, 610-njy utuk: Şu tapgyrdan soň, Ýokary ligada 180-nji duşuşygyny geçiren «Ahal» umumylykda 610-njy utugyny gazandy.

«Turan» — «Aşgabat» — 0:2.

Gollar:

0:1, Pirmyrat Gazakow

0:2, Hoşgeldi Hojowow.

Birinji aýlawda: 0:2.

Altynjylyk üçin ýaryşyň ýeňijisi — «Aşgabat»: Şu tapgyra çenli ýaryş tertibiniň altynjy orny üç birbada üç topar dalaşgärdi. Tapgyrdaky ýeňşinden soň, utugynyň sanyny 14-e çykaran «Aşgabat» 6-njy orunda ymykly ornaşdy.

«Altyn asyr» — «Merw»: 4-nji iýula geçirildi.

«Energetik» — dynç güni.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň