7-nji maýda Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 12-nji tapgyryň soňky duşuşygy geçirildi. Tapgyryň esasy duşuşygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topary Mary DES-iň «Energetigini» kabul etdi.
Duşuşygyň eýýäm 4-nji minudynda geçen möwsümiň iň netijeli hüjümçisi Süleýman Muhadow «aragatnaşykçylary» öňe çykardy. Şu goldan soňra, duşuşygyň hasaby 67-nji minuda çenli üýtgemedi. Hut ol minutda-da, Myrat Ýagşyýew «Altyn asyryň» ikinji pökgüsini hem geçirip, «aragatnaşykçylaryň» şu ýyl ligada geçiren ähli duşuşyklarynda tapawutlanmagy başardy we gollarynyň sanyny 7-ä çykardy.
Esasy wagtyň tamamlanmagyna 4 minut galanda, Annageldi Weliýew hasaby 2:1-e çenli ýygyrdy. Ýöne «Altyn asyryň» hüjüm triosynyň üçünji wekili hem duşuşygy boş geçirmedi. Goşmaça wagtyň dördünji minudynda tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew hasaby 3:1 çykardy. Şu hasap bilen hem duşuşyk tamamlandy.
«Energetigiň» bu ýeňlişinden soň, «Ahal» ýaryş tertibiniň başynda ýeke-täk topar bolup galdy. 5 duşuşykdan 15 utuk toplan «Altyn asyr» bolsa häzirlikçe dördünji orunda.
«Altyn asyr» — «Energetik» — 3:1.
Gollar:
1:0, Süleýman Muhadow 4’
2:0, Myrat Ýagşyýew 67’
2:1, Annageldi Weliýew 86’
3:1, Altymyrat Annadurdyýew 90+4’.
12-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibi:
1. «Ahal» 10/23
2. «Energetik» 10/20
3. «Şagadam» 10/19
4. «Altyn asyr» 5/15
5. «Balkan» 9/15
6. «Köpetdag» 11/11
7. «Aşgabat» 10/11
8. «Merw» 10/7
9. «Turan» 11/1.
Iň netijeli futbolçylar:
1. Amir Gurbany, «Şagadam» — 9 pökgi;
2-3. Myrat Annaýew, «Ahal», Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyr» — 7 pökgi;
4-5-6. Guwanç Abylow, Didar Durdyýew «ikisi-de Energetik», Yhlas Magtymow, «Balkan» — 5 pökgi.