"ALTYN ASYR" — "DORDOÝ" DUŞUŞYGYNDAN SOŇRA TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL TOPARLARYNYŇ AFK-nyň KUBOGYNDA GÖRKEZEN NETIJELERI

0
118
"ALTYN ASYR" — "DORDOÝ" DUŞUŞYGYNDAN SOŇRA TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL TOPARLARYNYŇ AFK-nyň KUBOGYNDA GÖRKEZEN NETIJELERI

Türkmenistanyň futbol toparlary şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 60 duşuşyk geçirdiler, meýilnamada görkezilen 1 duşuşyk bolsa geçirilmedi.

Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
14 duşuşykda ýeňiş gazandylar;
31 duşuşykda ýeňildiler;
15 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
Garşydaş derwezelere 66 pökgi geçirdiler;
Öz derwezesine 104 pökgi goýbertdiler.

Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
Liwanyň toparlary bilen 11;
Iordaniýanyň toparlary bilen 10;
Bangladeşiň toparlary bilen 6;
Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 6;
Omanyň toparlary bilen 5;
Ýemeniň toparlary bilen 4;
Hindistanyň toparlary bilen 4;
Bahreýniň toparlary bilen 4;
Siriýanyň toparlary bilen 3;
Täjigistanyň toparlary bilen 3;
Kuweýtiň toparlary bilen 2;
Yragyň toparlary bilen 2 gezek duşuşdy.

Şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan 6 topar gatnaşdy. Olardan:
«Balkan» («Nebitçi») 5 gezek;
«Altyn asyr» 3 gezek;
«Nisa» 2 gezek;
HTTU («Ýedigen») 2 gezek;
«Merw» bir gezek;
«Ahal» bir gezek gatnaşdy.

№ Ady, familiýasy Topary Gol sany
1. Altymyrat Annadurdyýew «Altyn asyr», «Ahal» 7
2. Mämmedaly Karadanow «Ahal» 7
3. Hojaahmet Arazow HTTU, «Balkan» 5
4. Gurban Annaýew «Ahal» 3
5. Berdi Şamyradow HTTU 3
6. Witaliý Alikperow «Balkan» 3
7. Amir Gurbany «Altyn asyr» 2
8. Arslanmyrat Amanow «Altyn asyr» 2
9. Perman Begjanow «Balkan» 2
10. Rahmet Şermetow «Ahal» 1
11. Süleýman Orazow «Ahal» 1
12. Zafar Babajanow «Ahal» 1
13. Akmämmet Metdäýew «Balkan» 1
14. Nurtagan Mämmedalyýew «Balkan» 1
15. Süleýman Muhadow «Altyn asyr» 1
16. Döwlet Baýramow HTTU 1
17. Azat Guljagazow «Balkan» 1
18. Myrat Ýagşyýew «Altyn asyr» 1
19. Serdar Geldiýew «Altyn asyr» 1
20. Röwşen Meredow «Balkan» 1
21. Farhad Bazarow «Balkan» 1
22. Daýançgylyç Urazow «Nisa» 1
23. Artýom Nazarow «Nisa» 1
24. Konçaýew Zemskow «Nisa» 1
25. Didar Hajyýew «Nisa» 1

Bellik: sanaw doly däl. 2006-njy ýyldaky ýaryşlarda we 2005-nji ýylda «Nebitçi» («Balkan») — «Al-Faisaly» (3:3) duşuşygynda tapawutlanan futbolçylaryň atlaryny anyklamak başartmady.

№ Topar Gol sany
1. HTTU 18
2. «Balkan» («Nebitçi») 15
3. «Altyn asyr» 13
4. «Ahal» 12
5. «Nisa» 4
6. «Merw» 4

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň