TÝL - 2017: 7-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
165
TÝL - 2017: 7-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

11 gol: Tapgyrda 4 duşuşykda 11 pökgi geçirildi.

42 futbolçy, 67 gol: Ligada şu güne çenli 42 futbolçy 67 gol geçirdi.

Ýa almaly, ýa...: Tapgyrdaky duşuşyklaryň birem deňme-deňlik bilen tamamlanmady.

Ýeňiji — myhmanlar: Tapgyrda myhmançylykda çykyş edýän toparlar 3, ýer eýeleri 1 ýeňiş gazandy.

3x2=6: Tapgyrda 3 futbolçy dubl etdi.

«Köpetdag» — «Altyn asyr» — 1:3.

Gollar:

0:1, Myrat Ýagşyýew 27’

0:2, Süleýman Muhadow 45+2’

0:3, Süleýman Muhadow 63’;

1:3, Baýramhan Kadyrow 78’.

Bombardir — bombardirlige dalaşgär: «Altyn asyryň» şu ýyl Ligada geçiren üç duşuşygynda-da tapawutlanan Myrat Ýagşyýew bombardirlik ýaryşynda hem üçünji orna geçdi.

Ilkinji «üçlükçi»: Myrat Ýagşyýew şu ýyl bassyr üç duşuşykda tapawutlanan ilkinji futbolçydyr.

Ikinji orna dalaşgär: Ýokary ligada soňky 5 ýylyň dowamynda 82 gezek tapawutlanan Myrat Ýagşyýew gollarynyň sany boýunça bu sanawda ikinji orunda barýan Didar Durdyýew bilen deňleşdi.

Kadyrow Ýokary liga gadam basdy: Baýramhan Kadyrow Ýokary ligadaky ilkinji goluny «Altyn asyryň» derwezesinden geçirdi.

Myhmançylygam ýaýdandyranok: Möwsümiň ilkinji iki duşuşygyny ýer eýesi hökmünde oýnap, ikisinde-de ýeňiş gazanan «Altyn asyr» myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini gazandy.

Bir toparda, bir ligada 60 gol: Süleýman Muhadow «Altyn asyryň» düzüminde çykyş edip başlanyndan bäri, Ýokary ligadaky 60-njy goluny geçirdi.

«Şagadam» — «Turan» — 3:0.

Gollar:

1:0, Myrat Hamraýew;

2:0, Amir Gurbany;

3:0, Begenç Annagurbanow.

Goragçymy, hüjümçi: Käbir hüjümçilerden gowy netije görkezýän goragçy Myrat Hamraýew Ýokary ligada soňky 5 ýylyň dowamynda geçiren gollarynyň sanyny 20-ä tegeledi.

«Şagadam» Türkmenbaşyda «sylaýar»: Şu tapgyrdan soň, «Şagadam» möwsümde öz öýünde 10-dan kän gol geçiren ilkinji topar boldy.

«Merw» — «Energetik» — 0:2.

Gollar:

0:1, Guwanç Abylow 40’

0:2, Guwanç Abylow 83’.

Hoş geldiň, Gurbany: Bu duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň «Energetigiň» başynda geçiren ilkinji duşuşygydyr. Halypanyň ilkinji ädiminiň niçik bolanyny bolsa, duşuşygyň hasaby hem aýdýar.

2 gol 2-nji oran çykardy: Guwanç Abylowyň iki goly bilen gazanylan ýeňiş «Energetigi» ýene-de ikinji orna çykardy.

Şowsuzam bolsa ýubileý oýun: «Merw» Ýokary ligada 730-njy duşuşygyny geçirdi.

«Aşgabat» — «Balkan» — 0:2.

Gollar:

0:1, Akmämmet Metdäýew 63’

0:2, Akmämmet Metdäýew 87’.

«Balkan» hem bir onlugy doldurdy: Şu duşuşykdan soň, «Balkan» möwsümde garşydaş derwezelere 10 pökgi girizen ikinji topar boldy.

Myhmançylygyň «syry» aýan edildi: «Balkan» möwsümde ilkinji gezek myhmançylykda geçiren duşuşygynda ýeňiş gazandy.

«Ahal» — dynç güni.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň