Turkmenportal logo
Şu gün 12:31
37763776
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«VB Education» we «UNIMED» Belarus uniwersitetlerine 2026-njy ýyl üçin kabul edişligi yglan edýärler

«VB Education» we «UNIMED Consulting» kompaniýalary 2026-njy ýylda Belarus Respublikasynyň uniwersitetlerine okuwa girmegi meýilleşdirýän türkmenistanly dalaşgärlere gönükdirilen bilelikdäki bilim taslamasynyň ýola goýlandygyny yglan etdiler. Hyzmatdaşlyk iki guramanyň tejribesini uniwersitet saýlamakdan başlap, okuwa girenden soň ýurda uýgunlaşmaga çenli talyplara hemmetaraplaýyn goldaw bermek üçin birleşdirýär.

Taslama Belarusyň birnäçe döwlet uniwersitetlerini, şol sanda Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetini, Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk milli uniwersiteti, P. M. Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersitetini, Mogilýow şäherindäki Belarus-Russiýa uniwersitetini, A. S. Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetini we Minsk şäherindäki Belarus döwlet daşary ýurt dilleri uniwersitetini öz içine alýar.

Lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hem aýratyn ugur kesgitlenendir. Bu ugurda geljekki lukmanlary taýýarlamaga we Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti we Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýaly ugurdaş bilim edaralaryna kabul edilmekde goldaw bermäge ýöriteleşen «UNIMED Consulting» öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, taslamanyň esasy tapawutly aýratynlygy onuň esaslandyryjylarynyň amaly tejribesidir. «UNIMED Consulting» kompaniýasynyň wekilleri tejribeli lukmanlar we lukmançylyk uniwersitetleriniň uçurymlary bolup, ulgam bilen içgin tanyşdyrlar. Öz gezeginde, «VB Education» kompaniýasynyň topary halkara bilim we hukuk goldawy boýunça hünärmenlerden ybarat bolup, resminamalaryň dogry taýýarlanylmagyny we guramaçylyk hyzmatlaryny üpjün edýär.

Bu başlangyjyň çäklerinde dalaşgärlere döwlet uniwersitetlerine resmi taýdan kabul edilmek, hünär saýlamakda kömek, girişiň ähli tapgyrlarynda doly derejeli goldaw, şeýle hem okuw başlandan soň, şol sanda ýaşaýyş we uýgunlaşmak bilen bagly goldaw hyzmatlary hödürlenýär.

Habarlaşmak üçin:
Türkmenistan: +993 62 126216

VB Education:
+375 29 855 10 60 (imo, WhatsApp, Viber, Telegram)
Sosial ulgamdaky sahypasy.

UNIMED Consulting:
+375 25 790 35 00 (imo, WhatsApp, Viber, Telegram)
Sosial ulgamdaky sahypasy.

Elektron poçta: vbgroup.education@gmail.comunimed.consulting@mail.ru