Turkmenportal logo
Şu gün 12:28
34003400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

30-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew resmi saparynyň dowamynda Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri M. Kwrivişwili bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar iki taraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri gepleşikleriň esasy üns merkezinde boldy. Iki tarap hem energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de iki ýurduň işewürler jemgyýetleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Hökümetara toparynyň iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm mehanizm bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.