Turkmenportal logo
Düýn 22:04
27732773
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident: pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmelidir
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurtda gowaça ekişine girişilip, bu möwsümi bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bu işler bilen bir hatarda ýeralma we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýurduň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen häzirki wagtda pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ýüpek gurçugynyň tohumlaryny we idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.  

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine-de guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.