Turkmenportal logo
Şu gün 09:53
57195719
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Grodno şäherinde guralan çärlere gatnaşdy

26-27-nji martda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew Belarus Respublikasynyň Grodno oblastynda iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre guraldy. Oňa uniwersitetde bilim alýan türkmen we beýleki daşary ýurtly talyplar hem-de professor-mugallymlar gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. 

Çäräniň öňüsyrasynda Grodno şäherinde ýerleşýän Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň baş binasynda ilçi N.Şagulyýew bilen agzalan ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk guraldy. Duşuşykda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn tejribeleri öwrenmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dabaraly çäräniň dowamynda Ilçi N.Şagulyýew 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, şu ýylda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi dogrusynda çärä gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.

Çäräniň dowamynda agzalan uniwersitetiň türkmen talyplary tarapyndan goşgulardyr labyzly çeper okaýyşlar we aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Dabaranyň jemleýji pursatynda uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen aýratynlykda terbiýeçilik ähmiýetli maslahatlary bermek maksady bilen duşuşyk guraldy.

27-nji martya Türkmenistanyň ilçisi Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň okuw binasy we ýokary okuw düzümi hem-de türkmen talyplarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdy.