Turkmenportal logo
29.03.26
2434924349
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen MMA söweşijisi Abbas Abbasow 17-nji aprelde ABŞ-da nobatdaky tutluşygyny geçirer

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen türgeni Abbas Abbasow 17-nji aprelde ABŞ-da geçiriljek LFA 231 (Legacy Fighting Alliance) ýaryşynyň çäklerindäki tutluşyga gatnaşar. Bu ýaryş Minnesota ştatynyň Praýor-Leýk şäherindäki Mystic Showroom konsert zalynda geçiriler. Bu barada türgen Turkmenportal neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Häzirki wagta çenli Abbasowyň ussatlar derejesindäki söweşlerindäki rekordy bäş ýeňişden we bir ýeňlişden ybarat. Türgeniň özi ýene birnäçe üstünlikli çykyşlaryň oňa dünýäniň iň iri garyşyk başa-baş söweş sungatynyň promouşeni bolan UFC-e ýol açjakdygyna ynanýar.

Türkmenistanda doglan, ozal dzýudo boýunça ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan Abbasow ABŞ-a göçüp, şol ýerde sport ýoluny dowam etdirdi we MMA-a geçdi. Häzirki wagtda ol Amerikanyň öňdebaryjy taýýarlyk merkezleriniň biri bolan Florida ştatyndaky «American Top Team» merkezinde türgenleşýär.

Abbasow özüne iň uly täsir eden dört söweşijini hem belläp geçdi: russiýaly agyr agramly söweşiji Fýodor Ýemelýanenko, UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempiony Habib Nurmagomedow, ýarym agyr agram derejesindäki häzirki çempion Jon Jons hem-de iň ýeňil agramdaky meşhur söweşiji Demetrius Jonson.

Abbas Abbasow bilen doly interwýuny Turkmenportal neşiriniň YouTube kanalynda görüp bilersiňiz.