Aşgabatda şu ýylyň aprel aýynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy we hasaba almak işi dowam edýär. Sergide enjamlaryň we tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň we beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkeziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda halkara maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli guralýandygyny, munuň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergisine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.