Turkmenportal logo
Şu gün 13:18
63586358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilçi Szi Şumin: Ahalteke bedewi — türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň aýdyň nyşanydyr

27-nji martda Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17  — 19-njy mart aralygynda Hytaýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

HHR-iň ilçisi Szi Şumin Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň Başlygy Si Szinpine sowgat beren ahalteke bedewine hytaý tarapynyň nähili baha berýändigi baradaky soraga jogap berdi.

Diplomatyň sözlerine görä, bu asylly başlangyç iki halk üçin hem çuňňur simwoliki ähmiýete eýedir. Ilçi hem hytaý, hem türkmen halkynyň düşünjesinde atyň ösüşiň we öňe ymtylmagyň nyşanydygyny, şeýle hem iki ýurtda-da uly söýgä mynasypdygyny belledi.

Sowgadyň simwoliki manysy senenama gabat gelmeleri bilen has-da güýçlenýär: hytaý täleýnamasyna görä, häzirki ýyl At ýylydyr, Türkmenistanda bolsa bu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär. Ilçi bu gabat gelmäniň iki halky has-da ýakynlaşdyrýandygyny we dostlukly ädimi aýratyn many bilen doldurýandygyny nygtady.

Szi Şumin türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçirilen duşuşykda Başlyk Si Szinpiniň aýratyn bellän sözlerini ýatlatdy: Türkmenistan — rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň Watanydyr, iki ýurt bolsa edil şu asylly bedewler ýaly öňe tarap okgunly barýandyrlar. Ilçiniň pikiriçe, sowgat berlen bedew iki halkyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň aýdyň nyşany bolup, Hytaýyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny hem-de halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan gatnaşyklary has çuňňur duýmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem ilçi hytaý tarapynyň iki ýurduň Liderleriniň strategik ýolbaşçylygynda gazanylan ylalaşyklary doly durmuşa geçirmäge we ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny bildirdi.