Turkmenportal logo
Düýn 20:38
61976197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy öňde boljak mejlise aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, oňa Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin möhüm meýdança hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Taraplar GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meselelerini ylalaşmak hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň çäklerinde gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem öňde boljak mejlisi taýýarlamagyň guramaçylyk-protokol taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistan mejlisiň ýokary derejede guralmagyny we üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görýär.