Türkmenistan we Belarus belarus önümlerini göni ibermek boýunça anyk ylalaşyklary gazandylar. Degişli ylalaşyklar 14 — 20-nji mart aralygynda Türkmenistanda iş saparynda bolan Belarusuň işewürler wekiliýetiniň saparynyň netijeleri boýunça gazanyldy. Bu barada Belarus Söwda-senagat edarasynyň (BSSE) Minsk bölümi habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar belarus şöhlat önümlerini we dürli görnüşli içgileri Türkmenistanyň bazaryna ibermek barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, türkmen gök önümlerini we miwelerini satyn almak meseleleri öwrenildi, şeýle hem Belarusuň programma üpjünçiligini Türkmenistanyň birnäçe banklarynyň IT-ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça gepleşikler geçirildi.
Işewürlik maksatnamasynyň esasy ugry belarus kärhanalarynyň Türkmenistanyň bazaryna çykmagyna taýýarlyk görmek bilen bagly boldy. Belarusuň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen geçirilen duşuşykda wekiliýetiň agzalary hyzmatdaşlygyň hukuk taraplaryny, logistika zynjyrlaryny we hasaplaşyk şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäklerinde wekilýet Aşgabadyň dokma toplumynyň kuwwatlyklary bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) kärhanalaryna baryp gördi, şeýle hem Birleşmäniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan «IFT 2026» sergisine gatnaşdy. Iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky göni gepleşikler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «B2B» (işewürden işewüre) görnüşindäki duşuşyklar bilen dowam etdi.
BSSE-niň Minsk bölüminiň habarynda bellenilişine görä, bu sapar diňe bir bar bolan hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmäge däl, eýsem, iki ýurduň kärhanalarynyň arasynda geljekki ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze aragatnaşyklary ýola goýmaga hem mümkinçilik berdi.