Turkmenportal logo
Şu gün 16:02
45294529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap ÝUNISEF bilen bilelikde çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça maksatnamany işe girizer

25-nji martda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Pariždäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyna baryp, Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Ýokary derejeli ministrler dialogynda ministr türkmen bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — irki ýaşdaky bilim, okuw işiniň sanlylaşdyrylmagy we mugallymlary taýýarlamak barada çykyş etdi. Hususan-da, ol 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap ÝUNISEF bilen bilelikde çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça synag maksatnamasynyň — bäş ýaşly çagalar üçin ýarym günlük toparlaryň dörediljekdigini habar berdi.

ÝUNESKO-nyň baş direktory Halid al-Anani bilen geçirilen duşuşykda türkmen tarapy gurama bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi, şol sanda UNITWIN maksatnamasyna gatnaşmak we akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek nygtalyp geçildi. Şeýle hem bilim meseleleri boýunça baş direktoryň orunbasary Stefania Jannini bilen aýratyn duşuşyk geçirildi.

Taraplar bilimiň sanlylaşdyrylmagy, ömürboýy bilim almak we ÝUNESKO kafedralarynyň toruny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de 2025-nji ýylda Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna goşulandygy bellenildi.

Forumyň çäklerinde Özbegistanyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministri Ezozhon Karimowa bilen hem duşuşyk geçirildi. Taraplar mekdebe çenli bilim, mugallymlaryň taýýarlygy we okuwçylaryň halkara olimpiadalara gatnaşmagy ýaly meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.