Turkmenportal logo
Şu gün 15:20
39053905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» 2026 atly halkara sergi geçiriler

2026-njy ýylyň 2–4-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy işewürlik işjeňliginiň merkezine öwrülip, «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergini kabul eder.

100-den gowrak öňdebaryjy dünýä brendleri döwrebap çözgütleri we innowasion tehnologiýalary hödürläp, işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de Türkmenistanyň bazaryna çykmak üçin giň mümkinçilikleri açar.

Serginiň esasy ugurlary:
— materiallar we çig mal;
— yşyklandyryş we awtomatlaşdyryş ulgamlary;
— akylly tehnologiýalar we gözegçilik ulgamlary;
— elektrik-tehniki we kabel çözgütleri;
— howpsuzlyk ulgamlary;
— ýyladyş, şemalladyş we sowadyş ulgamlary (HVAC);
— gurallar we enjamlar;
— gapylar, penjireler we interýer çözgütleri;
— izolýasiýa we örtükler;
— keramika we bezeg materiallary;
— landşaft çözgütleri we modul gurluşlary.

Sergi halkara öndürijileriň, distribýutorlaryň we telekeçileriň arasynda göni gepleşikleri ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolar.

Guramaçylar bu möhüm halkara çäräni görmäge we onuň bir bölegi bolmaga çagyrýarlar.

Öňünden hasaba durmak we goşmaça maglumatlary almak üçin aşakdaky aragatnaşyk salgylaryna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris:
(+99312) 39 88 86
(+99365) 815205
info@cci.gov.tm
turkmenistan@netorganization.net

Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy,
Geçiriljek senesi: 2026-njy ýylyň 2–4-nji apreli.