25-nji martda Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Haled Al-Enany bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary hilli bilime deň elýeterliligi üpjün etmek, bilim ulgamlaryny sanly özgertmek, şeýle-de emeli aň tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
ÝUNESKO-nyň Baş direktory Türkmenistanyň halkara bilim dialogyna işjeň gatnaşýandygy we Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-nji maksadynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde ÝUNESKO kafedralarynyň işi, Assosirlenen mekdepleriň işi hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki torlara gatnaşmagy aýratyn bellenildi.
Taraplar «Sanly ylym» boýunça täze ÝUNESKO kafedrasyny açmagyň mümkinçiliklerini, şeýle-de Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, «Ömürboýy bilim almak» başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň Öwrenýän şäherleriniň global toruna gatnaşmagy bilen bagly meseleler aýratyn seredildi.