Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine Bangladeş Halk Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 55 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammed Şahabuddine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.