Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Merjen Baýramgylyjowa Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde geçirilen «Gyz görki saçda, gül tahýasy başda bolar» atly şäher bäsleşiginde üçünji orny eýeledi.
Bäsleşik Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrabynyň geňeşi tarapyndan guralyp, paýtagtymyzyň ýokary, orta hünär we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyp gyzlaryny bir ýere jemledi. Oňa uzyn saçly gyzlar gatnaşyp, milli däp-dessurlary, medeniýeti we estetiki gymmatlyklary görkezdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bellenilişi ýaly, Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki mekdebiniň talyplary dürli bäsleşiklere we jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşyp, yzygiderli baýrakly orunlary eýeleýärler. Şeýle-de ýurdumyzda ýaşlaryň, şol sanda gyzlaryň döredijilik mümkinçiliklerini goldamak we ösdürmek maksady bilen medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär.